Seniň ýanyňa barýan, eje!

9 Mart 2021
1170

Hawa, bu gün iş-aladalarymdan saplanyp, seniň ýanyňa salama barýan, eje! Bir şäherde ýaşasagam, seni görmäge ýygy-ýygydan baryp bilemok, bagyşla, eje! Baran wagtym welin, edil uly mukaddeslige zyýarata gelen ýaly, kalbym giňeýär, ýüregim aram tapýar. Edil dirilik suwy ýaly seniň yssy mähriň, mylaýym sözleriň kalbymda ýaşanyňa degýän bu ajaýyp dünýä bolan söýgimi artdyrýar. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga, döretmäge hyjuwlanýaryn, eje! Baranymda öňümde dürli-dümen zatlardan doly saçagy ýazarsyň, edil ýigdelen ýaly, şeýle bir ýeňil goparsyň, özüňem bala-çagalarymdan başlap, ähli zady sorarsyň. Çaý başynda näme gürrüňden başlajagymy bilmän dymaryn. Saňa arz aýdyp ulalmanym üçin, ähli zatlary gülala-güllük edip oturan bolsamam, eýýäm aladalarymdan habarly ýaly, ähli zady ýüzümden okarsyň. Durmuşyň ajysyny, süýjüsini gören göreçleriňe seretsem: «Gaýgy-aladalaryňy aýdyber, gyzym, elimde baryny, gerek bolsa, dünýe malymy bereýin. Seň aladalaryňy öz gerdenime alaýyn, şatlygymy saňa bereýin» diýen sözleri okaýaryn hem-de edil gaýgy-gamsyz çagalygyma dolanan ýaly bolýaryn. Ýaňy ýörjen-ýörjen bolup, ädimläp başlanymda «Ýykylaýmagyn» diýip, golumdan tutan mähirli elleriň bu çarkandakly ýollarda göze görner-görünmez bela-beterlerden gorajakdygyna berk ynanýaryn we kalbym ynjalýar. Şonda bir zada has-da aýdyň göz ýetirýärin, sen aýal bol, erkek bol, ýaş ýa-da garry bol — adam öz ejesiniň ýanynda edil kiçijik çaga ýaly bolýan eken. 

Ýatlamalar ylla köne hazyna ýaly, iň ýakymlysy — çagalyk, ýaşlyk ýyllaryň, mukaddes ene-ataň öýi. Olaram sen bilen bagly, eje! Maşgalada gyzlardan ulusy bolamsoň, mydama seniň ýanyňda kömekçidim. Ýadyňdamy, bir günem saňa kömekleşýänden bolup, tutuş bir gazan nahary zaýalapdym. Sen şonda-da maňa käýemändiň, dädem, doganlarym günortanlyk naharsyzam galmandy. Ulugyz wagtlarymyz seniň bilen tikin ederdik, şonda sen bize bir iş bukjasyny görkezipdiň. Onuň nagyşlary birgeňsi, owadandy. Men birenaýy nagyşlary kimiň edendigini sorapdym. Bukjany eliňe alyp sypap, ýekän-ýekän sanap başladyň: «Ine, bu Jemalyň eden nagşy, bu Bibiňki...». Sanap otyrsyň, sanap otyrsyň, gözleriň şol nagyşlarda. Hakydaňda boýdaşlaryň bilen tikin tikip, gülşüp-degişýän gyzlyk döwrüňe gidensiň-dä, gözleriňde bolsa ýaş. «Eje, käbäm ejem! Men saňa gyzlyk döwrüňi ýatladyp, ezýet beräýdim öýdýän! Saçlaryň ujuny gysymlap, köp toýlaryň seresi bolansyň, elbetde. Bilipjik durun, Aý ýaly ýüzüň, gara gözleriň köp ýigitleri oda salandyr-ow». Saňa bu sözleri aýdanymda, «Tur, ýok bol!» diýip, degişme bilen kowanyň ýadymda. Hawa, onsoň şol iş bukjadaky nagyşlary siz boýdaşlar bolup, birek-biregi bir zamanlar ýada salmak üçin edipsiňiz, özem gyzlar öz elleri bilen çatypdyr, emma hemmejesi bir elde edilen ýaly, örän nepis.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».