Rowaç durmuşyň hatyrasyna

9 Mart 2021
758

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan aýallaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny ýöredýär. Bu babatda ýurdumyz ençeme halkara konwensiýalara goşulyşdy. Olaryň düzgünlerini milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça hem kanunçylyk namalary kabul edildi, hereket edýän resminamalara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýasyny», Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakyndaky Konwensiýasyny», «Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany», «Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw teswirnamany», «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we Maşgala kodeksini, şeýle-de beýleki kanunçylyk namalaryny görkezmek bolar.

Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikler ýörelgesi Esasy Kanunymyzyň özenini düzýän ýörelgeleriň biri bolup durýar.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.