Eneleriň alkyşy — bagtyň şuglasy

10 Mart 2021
1004

Giňden bellenilen Halkara zenanlar güni Daşoguz welaýatyndan köp çagaly eneleriň toý şatlygyny goşalandyran döwletli wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem terbiýeläp ýetişdiren mährem eneler Maral Potçykowa bilen Aýbölek Rahmedowa Daşoguz şäheriniň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumyndaky döwrebap jaýdan köp otagly öý berildi. “Ene mähri” diýen hormatly at dakylyp, täze jaýdan öýli bolmak bagtyna eýe bolan eneler jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan beýik işleri, çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

— Baýramçylyk güni ähli amatlyklar döredilen, otaglary uly hem ýagty, giň aşhanaly täze öýe göçüp geldik — diýip, Aýbölek Rahmedowa uly buýsanç bilen aýdýar. — Sekiz çagamyz bar, ulujalarymyz mekdepde okaýarlar, çagalar baglaryna barýarlar. Iň körpejämiz ýaňy bir ýaşyny doldurdy. Täze jaýymyz durmuş maksatly binalary, dürli desgalary bolan uly toplumyň içinde ýerleşýär. Golaýymyzda 900 okuwçy orunlyk döwrebap mekdep, çagalar baglary bar. Arkadag Prezidentimiz Watanymyzyň bagtyýar geljegi bolan kämil nesli ösdürip ýetişdirýän belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýýar, eneleri we çagalary goramak boýunça çäksiz aladalary edýär, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyp, degişli sylaglary gowşurýar. Bu şatlykly günde maşgalamyz täze ojakda jaý toýuny tutdy. Mährem eneler barada çäksiz aladalar edýän, abadan durmuşda ýaşamak bagtyny peşgeş berýän mähriban Arkadagymyza ene ýüregimden alkyş aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).