Üns beriň: bäsleşik!

10 Mart 2021
747

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Mähriban Diýarymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynsanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ruhubelent çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň has-da bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri, etraplary, şäherçeleri, obalary abadanlaşdyrmak, ähli ýerde, aýratyn hem ilatly ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek baradaky öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň baş wezipesine öwrüldi.