Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

9 Mart 2021
848

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hakyky halk häkimiýetliliginiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artmagy olaryň erk-isleglerini erkin beýan etmeginiň — saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

(TDH).