Milli Geňeş: täze tejribeler, wajyp wezipeler

10 Mart 2021
1051

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işjeň dowam etdirilýär. Bu saýlawlaryň netijesinde täze syýasy-demokratik ulgam kemala geler.

Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny özgertmäge we milli demokratiýanyň täsirli ulgamy hökmünde hereket edip gelen bu syýasy-jemgyýetçilik forumyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen konstitusion özgertme umumymilli ösüşiň köp ugurlary bilen bagly örän ähmiýetli we döwrebap syýasy-hukuk çäresidir. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň III bölüminde ýurdumyzyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň hatarynda Milli Geňeşiň düzümi, iki palatasynyň işi, hukuklary kesgitlenendir. Esasy Kanunymyzyň 66-njy maddasynda «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar» diýlip beýan edilýär. Şeýle ýokary konstitusion hukuga eýe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti iki jähetden has möhümdir. Birinjiden, bu saýlawlar netijesinde, döwletiň konstitusion gurluşynda täze düzüm emele geler. Ikinji tarapdan, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşdaky orny has ýokarlanar. Çünki saýlawlarda dalaşgärler welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynda bu wekilçilikli döwlet häkimiýet edaralarynyň agzalary tarapyndan hödürlenýär. Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynda gizlin ses bermek arkaly dalaşgärleriň arasyndan mynasyplar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanýar. Bu ýerli halk maslahatlarynyň jogapkärçiligini has-da artdyrýar.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.