Guşlar nagma kakýar bahary buşlap

9 Mart 2021
1235

Halkymyzyň asyrlar boýy mähir-yhlasy siňip, gurplanan topragynyň gözelligini has artdyrýan bahar göwünleri joşdurýar. Zemine täzeleniş berýän baharda ene söýgüsi ýaly ýakym bar. Ine, şonuň üçinem bahar pasly bilen eneleriň arasynda meňzeşlik bardygyny nygtaýanlar müň keren mamladyrlar. Ýazda tebigat gül-gunçalar bilen bezelýär. Ene bolsa öz perzentlerini dünýä berip, ýaşaýşa gül-pudak ýaýradýar.

Haçan-da, al-elwan geýnen bahar özüniň täze, gaýtalanmajak gözelliklerini tutuş äleme paýlanda şol gözelliklerden ganyp bilmersiň. Lowurdap şöhle saçyp duran Günüň öňüni bir bölejik bulut bürär, şol pursadam şemal geler-de, gül-gunçalaryň başyny sypar, daş-töweregi hoşboý ys gaplap alar. Ine, birdenem ýagyş damjalap başlar. Ýaz ýagşy ene topragy mazaly ezer-de, ýene-de Gün çykar. Şol pursat asmany zemin bilen birleşdirýän mysaly älemgoşar görner. Süllümbaý ezilen toprakdan kömelekler çykar. Guşlar ýene owaz eder, ýazy buşlar. Arkasy hal-hal kebelekler gülden-güle gonmaga howlugarlar. Şol pursat baharyň ilkinji günlerinden başlap, yhlas bilen topragy keşdeleýändigine göz ýetirersiň. Şol keşdeler bolsa kalbymyza siňip, pasyllaryň ýagşysy bahara bolan söýgiňi öňküdenem artdyrar.

Güljemal ILMÄMMEDOWA,
Bereket etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.