Resmi habarlar

20 Sentýabr 2021
773

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 873-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna Kanunda bellenen möhletlerde gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

* * *

(TDH)
Beýleki habarlar