Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

3 sagat öň
7

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.

Beýleki habarlar