Il-ýurt bähbidine

1 sagat öň
2

Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, her bir ýyly uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere besleýär. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän taryhy özgertmeleriň ähmiýetiniň şeýle uly çärelerde has-da aýdyň ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyş we hoşallyk sözleriniň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ediljek çykyşlarda dilleriň senasyna öwrüljekdigini hem buýsanç bilen aýtmak bolar.

Repbilmuhammet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.