Pyragynyň goşgularynda tebigatyň waspy

20 Sentýabr 2024
436

Tebigat – biziň umumy öýümiz. Hut şonuň üçin hem, ata-babalarymyz topragy, suwy, ösümlikleri, haýwanlary, umuman, tebigatyň ähli baýlyklaryny rejeli ulanyp, olary gorapdyrlar, perzentleriniň kalbynda tebigata, onuň baýlyklaryna söýgi duýgusyny oýarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmandyrlar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir» diýen dürdäne sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmen tebigatynyň gözelligi, özboluşly aýratynlyklary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda hem uly orun alypdyr. Magtymguly atamyz eziz Diýarymyzyň gözelliklere baý tebigatyny, ösümliklerini, agyp-dönüp ýören mallaryny, ýaz gelende açylýan al-elwan güllerini ussatlarça wasp edipdir. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Hasar dagyndadyr», «Soňudagy», «Ýaýlahlary bar», «Jahan peýda», «Gürgeniň» ýaly şygyrlaryny okanyňda, onuň tebigat we ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlaryny öz goşgy setirlerine siňdirendigine göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň» atly goşgusyndaky:

Yhlas ATAÝEW,
TDBGI-niň mugallymy.