Işewür gatnaşyklar pugtalandyrylýar

2 sagat öň
1

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek möhüm orny eýeleýär. Şunda YÖB bilen hyzmatdaşlyk netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedir. Şu jähetden, 19-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etmegi bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde bu bank ýurdumyzda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy we olar döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olar, esasan, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak taslamalaryny amala aşyrmakda YÖB-niň orny bellenildi. Bu ulgamda Yslam ösüş banky bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

«Nesil».