Etrap kazyýetiniň täze binasy

3 sagat öň
7

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem täze gurlan binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Düýn bolsa welaýatyň Garagum etrap kazyýetiniň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem enelerimiz, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri. Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Beýleki habarlar