Toýlar toýa utgaşdy

9 Mart 2021
728

Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Medeniýet merkezlerinde, edara-kärhanalarda, guramalarda ýaýbaňlandyrylan dabaralar mähriban enelerimiziň, gülden görkli gelin-gyzlarymyzyň şanyna toýlanan toýuň şowhunyny has belende göterdi.

BABADAÝHAN. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaralar uly täsirlere beslendi. Bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda etrap bilim bölüminde bolan baýramçylyk duşuşygy gyzykly çäreleriň biri hökmünde ýatda galdy.