Täze jaý — belent serpaý

10 Mart 2021
840

Sekiz perzendiň bolsa, olary ösdürip-ýetişdireniň üçin ýurt Baştutany tarapyndan hormatly at bilen sylaglansaň, bularyň üstesine-de, iň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birine nesibäň çekse, ene üçin şundan uly bagt bolup bilermi?! Bu sananlarymyz hyýal däl, hakykatyň hem baryp ýatany. Halkara zenanlar güni mynasybetli gündogar sebitde ýaşaýan köp çagaly eneleriň hem birnäçesi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar.

«Bahar» etrapçasy — Türkmenabadyň iň täze etrapçalarynyň biri. Bu ýerde «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy etrapçanyň binagärlik görküni has-da artdyrdy.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).