Adam. Jemgyýet. Kanun.

10 Mart 2021
845

Rugsatlar hakynda kadalar

Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.