Bitaraplyk syýasatynyň rowaçlanmagy

10 Mart 2021
886

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty täze sepgitlere gadam basýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen sebitde we halkara derejesinde täze başlangyçlara badalga berýär. Dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, halkara we sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär we ösdürýär. 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem muňa aýdyň subutnamadyr. Çünki, milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda täze taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda goňşy owgan döwletinde syýasy-ykdysady durnuklylygy gazanmaklyga gönükdirilen ençeme halkara taslamalary durmuşa geçirildi. Iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ykdysady-söwda gatnaşyklary giňden alnyp barylýar. Şeýle wajyp taslamalaryň ýene-de birnäçesi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen taryhy ýylda-da amal edilýär. Ýagny, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi buýsanç bilen bellärliklidir.