"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň geçen anna güni geçirilen 2-nji tapgyrynda welaýatymyzyň iki topary — Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» we Balkanabadyň «Nebitçisi» welaýat merkezindäki döwrebap stadionda özara duşuşdylar. Aşgabatly halkara derejeli emin Resul Mämmedowyň gözegçiliginde geçen duşuşykda düzümini birnäçe tejribeli futbolçylar bilen güýçlendiren ýer eýelerinde-de, garşydaşyna görä köpräk hüjüm eden myhmanlarda hem öňe saýlanmaga ençeme mümkinçilikler bolsa-da, hasaby açyp bilen oýunçy bolmady. Paýtagtymyzda geçen duşuşykda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» toparynyň ýer eýesi bolup çykyş eden ýurdumyzyň bassyr ýedi gezek çempiony «Altyn Asyry» ynamly ýeňmegi tapgyryň garaşylmadyk netijesi boldy. Aşgabadyň ýene bir topary «Köpetdag» bolsa Mary şäherinde ýerli «Merwden» iki pökgi tapawudy bilen öňe saýlansa-da, ýeňişli hasaby saklap bilmedi. Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» topary bilen paýtagtymyzyň «Aşgabady» hem bu tapgyrda utuk paýlaşmakdan başga alaç tapmadylar.

Sport we ýaşlaryň durmuşy

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. TARYHY SAPAK  

Sport dünýäsi

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. KAFANOW – «ROSTOWYŇ» BAŞ TÄLIMÇISI

Janköýerleriň pikir soraşmasy

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. Gazagystanda oýnan türkmenistanly futbolçylardan düzülen ýygyndy

Jasurbek Ýahşiboýew

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021.   Özüne millionlarça, hatda milliardlarça janköýerleri birleşdirýän futbol dünýäsi garaşylmadyk ýagdaýlaryň iň köp duş gelýän ýeridir diýsek ýalňyşmarys. Häzirki wagtda Tiraspol şäheriniň «Şerifi» «Real», «Şahtýor» ýaly klublary ýeňlişe sezewar edip, hemmäni haýran galdyryp gelýär. «Şerifiň»  özbegistanly ýarymgoragçysy Jasurbek Ýahşiboýew bolsa toparyň esasy «ýyldyzlarynyň» biridir.

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň ýokary ligasy

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. «Energetik» topary geçen möwsümi iň soňky orunda tamamlan bolsa-da, bu möwsümde olar öňdäki orunlary maksat edinýär. 2016 we 2018-nji ýyllarda baýrakly orna mynasyp bolan bu topar, bu möwsüme täze tälimçi, ýagny Serdar Garajaýewiň tälimçiliginde başlar.

Täsirli duşuşyk

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçykyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň «Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen, «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» atly duşuşyk geçirildi. Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy Ýazbike Öwezowa, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Tawus Akmyradowa dagy çykyş etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda ýetilen beýik sepgitler baradaky buýsançly gürrüňler edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

Okuw-maslahatlar

27-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Okuw-maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş ylmy işgärleri taýýarlamagyň hem-de ýurda nanotehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada çykyş etdi. Okuw-maslahatda maglumat we tehnologiýalar eýýamy ady bilen tanalýan bu döwrüň esasy şertiniň ýurduň islendik pudagyna sanly dolanyşygy ornaşdyrmak bilen kesgitlenýändigi, adam intellektiniň önümi bolan täze tehnikalara we tehnologiýalara islegleriň artmagynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygy barada giňişleýin bellenilip geçildi. Ilatyň ýaşaýyş derejesini kesgitleýän netijeleriň gazanylmagyna we ykdysady kuwwatyň pugtalanmagyna itergi berýän dördünji senagat özgertmesini durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn taslamalaryň başynyň başlanandygy baradaky çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sanly ulgamyň ösmegi, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmagyň medeniýetini ösdürmekde meýletinçilik hereketiniň orny barada hem giňişleýin durlup geçildi.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sportuň dürli görnüşlerinden ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar at çapyşyklarynda we atly sportda şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Hormatly Prezidentimiz: «Bedew türkmeniň köňlüniň täjidir, toý baýramlarynyň bezegidir» diýip, behişdi bedewlerimize uly sarpa goýýar. Talyp ýaşlaryň at çapyşyklarynda, atly sportda gazanýan üstünlikleri olaryň tejribeli seýisleriň, mugallymlaryň berýän maslahatlaryny erjellik bilen amal edýändiklerine şaýatlyk edýär.

Halypa hünärmen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sport döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Bu hakykat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ildeşlerimiziň köp sanlysyna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagynda we hormatly atlaryň dakylmagynda hem aýdyň beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly zähmeti bilen türkmen sportuny ösdürmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşan tälimçileriň hem birnäçesi bar. Biziň şu günki söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Karina Mowsesýan hem şanly sene mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ada mynasyp görüldi. –Karina Aleksandrowna, söhbetdeşligimiziň başynda okyjylarymyza häzirki wagtda özüňiziň alyp barýan işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

Türkmen talybynyň üstünligi

22 – 24-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde guşakly göreş boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan 100-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçen bu ýaryşda 60–130 kg aralygyndaky agram derejelerinde medallaryň 10 toplumy ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň saýlama tapgyrlary öň Kazan we Moskwa şäherlerinde, final tutluşyklary bolsa şu ýylyň oktýabr aýynyň 22-sine paýtagtyň Iwan Ýarygin adyndaky sport köşgünde geçirildi.

Sport we ýaşlar syýasaty

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde ýaşlary sporta çekmekde, milli ýygyndylarymyzda çykyş edip, Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak zehinli ýaşlary kemala getirmekde ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp sport ojagymyz ýaşlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Mekdebimize gatnamaga isleg bildirýänleriň sanynyň günsaýyn artýandygy bolsa bu hakykatyň üstüni ýetirýär. Elbetde, 2012-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan hem-de döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen ajaýyp mekdebimizde ussat halypalaryň ençemesiniň zähmet çekýändigini hem aýratyn bellemek gerek. Olar ýaşlara diňe bir sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini öwretmek bilen çäklenmän, edep-terbiýe bermekde, watançylyk duýgusyny ösdürmekde, milli ruhy kemala getirmekde hem yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Tälimçi hem mugallym

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Şonuň esasynda bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygy döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşy bolan sport bilen çynlakaý meşgullanyp, ony gündelik durmuşynyň hemişelik hemrasyna öwren raýatlaryň, esasan hem ýaşlaryň barha köpelmegi-de bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Paýtagtymyzda döredilen oňat şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan, aýdylyşy ýaly, durmuşyny sportsuz göz öňüne-de getirip bilmeýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Rahman Kulow hem şeýle raýatlarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Okuw-türgenleşik sapagy

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri, şahsyýet hökmünde kämilleşmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Nurana gelejegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde bedenterbiýedir sportuň iňňän uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde hem ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tejribeli tälimçi-mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilýän okuw sapaklarydyr türgenleşikler munuň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň futbol boýunça tälimçi-mugallymlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny okatmagynyň tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen, açyk sapak geçirildi. Oňa bu sport mekdebiniň usulyýetçileridir tälimçi-mugallymlary, «Olimp» orta sport mekdebiniň futbol tälimçileri hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň futbol boýunça tälimçi-mugallymlary gatnaşdylar.

«Altyn Asyr» öňe saýlanýar

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda bäşinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen ýurdumyzyň nobatdaky futbol çempionatyna badalga berildi. Bu duşuşykda paýtagtymyzyň «Aşgabat» hem-de «Altyn Asyr» toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümler bilen ýatda galan duşuşyk geçen ýylyň çempiony «Altyn Asyryň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Altyn Asyra» ýeňiş getiren toplary Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow hem-de Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Türkmen futbolynyň taryhyndan

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, futbola hem uly üns berilýär. Şonuň netijesinde futbolçylarymyz halkara arenalarynda üstünlikli çykyş edýärler. Aslynda türkmen futbolçylarynyň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşy haçan we haýsy toparlar bilen geçirildikä? Muny bilmek üçin arhiwiň maglumatlaryna ýüzlenmegi makul bildik. Öz gözbaşyny geçen asyryň başlaryndan alyp gaýdýan türkmen futbolyndaky ilkinji halkara ýaryşy 1927-nji ýylda geçirilipdir. Şonda futbolçylarymyz Eýranyň işçi-sport guramalarynyň çagyrmagy boýunça Maşat şäherinde halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşypdyrlar. Maşadyň hem-de Tähranyň ýygyndy toparlary bilen geçirilen şol duşuşyklaryň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygy barada taryhyň saralan sahypalarynda beýan edilýär. Bar bolan maglumatlara görä, şol duşuşyklaryň ilkinjisinde türkmen futbolçylary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar.

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyga tälimçiler we ýaş türgenler gatnaşdy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda adam, onuň saglygy we abadançylygy hakynda yzygiderli alada edilýändigi babatda gürrüň etdiler. Şeýle wagyz-nesihat işleriniň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň özi hem raýatlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmaklary üçin uly ýardam bolup durýar. Duşuşykda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydygy, sagdyn iýmitlenip, arassa howada gezim etmelidigi barada aýratyn durlup geçildi. Muhammet DURDYÝEW, TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Taryhda şu gün

«Jeňňellikdäki gümmürdi» adyny alan taryhy boks duşuşygynyň geçirilen senesi şu güne gabat gelýär. 1974-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Kinşase (Kongo) şäherinde geçirilen boks agşamynyň esasy duşuşygynda şol döwrüň güýçli boksçylary Muhammet Aly bilen Jorj Forman ringe çykdylar. Şol günki duşuşygyň ilkinji raundlarynda artykmaçlyk Formanyň tarapynda boldy. Şol wagta çenli geçiren 40 duşuşygynyň 37-sini nokaut bilen öz peýdasyna tamamlan Forman kagyz ýüzünde ýeňşe has ýakyn hasaplanýardy. Ýöne soňlugynda özünden garaşylýan boksy görkezip ugran Aly sekizinji raundda garşydaşyny nokdauna ibermegi başardy. Kynlyk bilen bolsa-da, aýaga galmagy başaran Forman duşuşygy dowam etdirip bilmedi.

Sagdynlyk sportdan başlanýar

Bagtyýar durmuşyň gözbaşy sagdynlykda jemlenip, her bir ynsanyň janynyň sag bolmagy uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň mähriban halkynyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly il--gün bähbitli alyp barýan işleri hem üstünliklere beslenýär. Saglygyň sakasy bolan sporty ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler, gurlan we gurulýan sport mekdepleriniň sport enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy ýaşlaryň sagdyn bedenli, kämil türgenler bolup ýetişmegine mümkinçilik döredýär. Şu günler biziň sport mekdebimizde-de arassaçylyk düzgünleri döwrüň talabyna görä alnyp barylýar. Esasan-da, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň artmagy adam bedenine oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli, biz — hünärmenler ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy, ellerimizi yzygiderli sabynlap ýuwmagy ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat edýäris.

Sporta höwes artýar

Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda ýerleşýän sport mekdebi geljegi umytly ýaş türgenleriň mekanydyr. Bu mekdebe sporta höwesli ýaşlaryň 300-e golaýy gatnap, sportuň woleýbol, milli göreş, futbol, boks, sambo, karate, atçylyk sportunyň konkur ýaly görnüşleri boýunça tälim alýar. Mekdepde ýaşlar bilen geçirilýän türgenleşik sapaklarynyň netijeli bolmagy ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Şeýle amatlyklardan peýdalanmak arkaly tälimçi-mugallymlaryň 9-sy ýaşlara 22 toparda sapak berýär. Türgenleşik sapaklaryna höwesli gatnaýan ýaşlar sportda barha taplanýarlar. Olaryň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýaşlaryň üstünlikleri barada aýdylanda, A.Garajaýewiň şu ýylyň ýazynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça geçirilen ýaryşdaky ýeňşini agzamak bolar. Has takygy, mekdebiň ýaş türgeni A.Garajaýew ýurt derejesindäki ýaryşda 1-nji orny eýeläp, Şa serpaýyna mynasyp boldy.