Täsirli duşuşyk

29 Oktýabr 2021
1310

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçykyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň «Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen, «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» atly duşuşyk geçirildi.

Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy Ýazbike Öwezowa, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Tawus Akmyradowa dagy çykyş etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda ýetilen beýik sepgitler baradaky buýsançly gürrüňler edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

Ene Mämmedowa,
Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçykyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygy.