Okuw-türgenleşik sapagy

29 Oktýabr 2021
1096

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri, şahsyýet hökmünde kämilleşmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Nurana gelejegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde bedenterbiýedir sportuň iňňän uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde hem ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tejribeli tälimçi-mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilýän okuw sapaklarydyr türgenleşikler munuň aýdyň mysalydyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň futbol boýunça tälimçi-mugallymlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny okatmagynyň tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen, açyk sapak geçirildi. Oňa bu sport mekdebiniň usulyýetçileridir tälimçi-mugallymlary, «Olimp» orta sport mekdebiniň futbol tälimçileri hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň futbol boýunça tälimçi-mugallymlary gatnaşdylar.

Läle SARYÝEWA,
Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.