Sport we ýaşlar syýasaty

29 Oktýabr 2021
1077

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde ýaşlary sporta çekmekde, milli ýygyndylarymyzda çykyş edip, Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak zehinli ýaşlary kemala getirmekde ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp sport ojagymyz ýaşlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Mekdebimize gatnamaga isleg bildirýänleriň sanynyň günsaýyn artýandygy bolsa bu hakykatyň üstüni ýetirýär.

Elbetde, 2012-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan hem-de döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen ajaýyp mekdebimizde ussat halypalaryň ençemesiniň zähmet çekýändigini hem aýratyn bellemek gerek. Olar ýaşlara diňe bir sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini öwretmek bilen çäklenmän, edep-terbiýe bermekde, watançylyk duýgusyny ösdürmekde, milli ruhy kemala getirmekde hem yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.