Taryhda şu gün

29 Oktýabr 2021
1041

«Jeňňellikdäki gümmürdi» adyny alan taryhy boks duşuşygynyň geçirilen senesi şu güne gabat gelýär. 1974-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Kinşase (Kongo) şäherinde geçirilen boks agşamynyň esasy duşuşygynda şol döwrüň güýçli boksçylary Muhammet Aly bilen Jorj Forman ringe çykdylar.

Şol günki duşuşygyň ilkinji raundlarynda artykmaçlyk Formanyň tarapynda boldy. Şol wagta çenli geçiren 40 duşuşygynyň 37-sini nokaut bilen öz peýdasyna tamamlan Forman kagyz ýüzünde ýeňşe has ýakyn hasaplanýardy. Ýöne soňlugynda özünden garaşylýan boksy görkezip ugran Aly sekizinji raundda garşydaşyny nokdauna ibermegi başardy. Kynlyk bilen bolsa-da, aýaga galmagy başaran Forman duşuşygy dowam etdirip bilmedi.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
sport synçysy.