«Altyn Asyr» öňe saýlanýar

29 Oktýabr 2021
1116

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda bäşinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen ýurdumyzyň nobatdaky futbol çempionatyna badalga berildi.

Bu duşuşykda paýtagtymyzyň «Aşgabat» hem-de «Altyn Asyr» toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümler bilen ýatda galan duşuşyk geçen ýylyň çempiony «Altyn Asyryň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Altyn Asyra» ýeňiş getiren toplary Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow hem-de Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Hakberdi NURYÝEW, sport synçysy.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.