Türkmen talybynyň üstünligi

29 Oktýabr 2021
1219

22 – 24-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde guşakly göreş boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan 100-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçen bu ýaryşda 60–130 kg aralygyndaky agram derejelerinde medallaryň 10 toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň saýlama tapgyrlary öň Kazan we Moskwa şäherlerinde, final tutluşyklary bolsa şu ýylyň oktýabr aýynyň 22-sine paýtagtyň Iwan Ýarygin adyndaky sport köşgünde geçirildi.

Bagtyýar HAKNAZAROW,
sport synçysy.