Sporta höwes artýar

28 Oktýabr 2021
949

Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda ýerleşýän sport mekdebi geljegi umytly ýaş türgenleriň mekanydyr. Bu mekdebe sporta höwesli ýaşlaryň 300-e golaýy gatnap, sportuň woleýbol, milli göreş, futbol, boks, sambo, karate, atçylyk sportunyň konkur ýaly görnüşleri boýunça tälim alýar.

Mekdepde ýaşlar bilen geçirilýän türgenleşik sapaklarynyň netijeli bolmagy ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Şeýle amatlyklardan peýdalanmak arkaly tälimçi-mugallymlaryň 9-sy ýaşlara 22 toparda sapak berýär. Türgenleşik sapaklaryna höwesli gatnaýan ýaşlar sportda barha taplanýarlar. Olaryň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýaşlaryň üstünlikleri barada aýdylanda, A.Garajaýewiň şu ýylyň ýazynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça geçirilen ýaryşdaky ýeňşini agzamak bolar. Has takygy, mekdebiň ýaş türgeni A.Garajaýew ýurt derejesindäki ýaryşda 1-nji orny eýeläp, Şa serpaýyna mynasyp boldy.

Gülnar IŞANGULYÝEWA,
öz habarçymyz.