Sagdynlyk sportdan başlanýar

29 Oktýabr 2021
808

Bagtyýar durmuşyň gözbaşy sagdynlykda jemlenip, her bir ynsanyň janynyň sag bolmagy uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň mähriban halkynyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly il--gün bähbitli alyp barýan işleri hem üstünliklere beslenýär. Saglygyň sakasy bolan sporty ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler, gurlan we gurulýan sport mekdepleriniň sport enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy ýaşlaryň sagdyn bedenli, kämil türgenler bolup ýetişmegine mümkinçilik döredýär.

Şu günler biziň sport mekdebimizde-de arassaçylyk düzgünleri döwrüň talabyna görä alnyp barylýar. Esasan-da, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň artmagy adam bedenine oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli, biz — hünärmenler ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy, ellerimizi yzygiderli sabynlap ýuwmagy ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat edýäris.