Tälimçi hem mugallym

29 Oktýabr 2021
1173

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Şonuň esasynda bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygy döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşy bolan sport bilen çynlakaý meşgullanyp, ony gündelik durmuşynyň hemişelik hemrasyna öwren raýatlaryň, esasan hem ýaşlaryň barha köpelmegi-de bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Paýtagtymyzda döredilen oňat şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan, aýdylyşy ýaly, durmuşyny sportsuz göz öňüne-de getirip bilmeýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Rahman Kulow hem şeýle raýatlarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Rahman MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.