Ýatdan çykmajak pursatlar

29 Oktýabr 2021
1231

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sportuň dürli görnüşlerinden ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar at çapyşyklarynda we atly sportda şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Hormatly Prezidentimiz: «Bedew türkmeniň köňlüniň täjidir, toý baýramlarynyň bezegidir» diýip, behişdi bedewlerimize uly sarpa goýýar. Talyp ýaşlaryň at çapyşyklarynda, atly sportda gazanýan üstünlikleri olaryň tejribeli seýisleriň, mugallymlaryň berýän maslahatlaryny erjellik bilen amal edýändiklerine şaýatlyk edýär.

Welnazar HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy.