Okuw-maslahatlar

29 Oktýabr 2021
1151

27-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Okuw-maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş ylmy işgärleri taýýarlamagyň hem-de ýurda nanotehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Okuw-maslahatda maglumat we tehnologiýalar eýýamy ady bilen tanalýan bu döwrüň esasy şertiniň ýurduň islendik pudagyna sanly dolanyşygy ornaşdyrmak bilen kesgitlenýändigi, adam intellektiniň önümi bolan täze tehnikalara we tehnologiýalara islegleriň artmagynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygy barada giňişleýin bellenilip geçildi. Ilatyň ýaşaýyş derejesini kesgitleýän netijeleriň gazanylmagyna we ykdysady kuwwatyň pugtalanmagyna itergi berýän dördünji senagat özgertmesini durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn taslamalaryň başynyň başlanandygy baradaky çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sanly ulgamyň ösmegi, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmagyň medeniýetini ösdürmekde meýletinçilik hereketiniň orny barada hem giňişleýin durlup geçildi.