Futbol täzelikleri

1 Noýabr 2021
958

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň geçen anna güni geçirilen 2-nji tapgyrynda welaýatymyzyň iki topary — Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» we Balkanabadyň «Nebitçisi» welaýat merkezindäki döwrebap stadionda özara duşuşdylar. Aşgabatly halkara derejeli emin Resul Mämmedowyň gözegçiliginde geçen duşuşykda düzümini birnäçe tejribeli futbolçylar bilen güýçlendiren ýer eýelerinde-de, garşydaşyna görä köpräk hüjüm eden myhmanlarda hem öňe saýlanmaga ençeme mümkinçilikler bolsa-da, hasaby açyp bilen oýunçy bolmady.

Paýtagtymyzda geçen duşuşykda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» toparynyň ýer eýesi bolup çykyş eden ýurdumyzyň bassyr ýedi gezek çempiony «Altyn Asyry» ynamly ýeňmegi tapgyryň garaşylmadyk netijesi boldy. Aşgabadyň ýene bir topary «Köpetdag» bolsa Mary şäherinde ýerli «Merwden» iki pökgi tapawudy bilen öňe saýlansa-da, ýeňişli hasaby saklap bilmedi. Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» topary bilen paýtagtymyzyň «Aşgabady» hem bu tapgyrda utuk paýlaşmakdan başga alaç tapmadylar.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».