"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Halypalar hem şägirtler

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşligindäki sport mekdebi ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. 2015-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen 350 orunlyk sport mekdebinde 6 görnüş: futbol, woleýbol, milli göreş, kýokuşinkaý karate, boks hem-de konkur boýunça türgenleşikler geçirilýär. Häzirki wagtda mekdepde 19 topar bolup, 8 tälimçi zähmet çekýär. Aşyrgeldi Ataýew, Rejepguly Hojamyradow, Begli Garajaýew ýaly tälimçiler öz tejribelerini ýaşlara öwredýärler.

Hormata mynasyp halypa

Bagtyýar zamanamyzda öz saýlap alan hünärinde yhlas-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän adamlaryň sarpasy belentde tutulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli tutanýerli zähmeti bilen tapawutlanan ildeşlerimiziň uly toparyna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy we hormatly atlaryň dakylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şanly senäniň bellenilen günlerinde «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň baş tälimçi-mugallymy Rawza Nabiullina hem bar. Rawza Nabiullina heniz çagalyk döwründe sport bilen bagry badaşyp, ony ömürlik hemrasyna öwren ynsanlaryň biri. 1971-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan Rawza orta mekdebe gadam basan ilkinji günlerinden sportuň ilki tans, soňra basketbol görnüşlerinde öz başarnyklaryny synaýar. Emma 9 ýaşynda suwda ýüzmek bilen meşgullanmaga başlaýar we bu görnüşiň hut özüne laýykdygyna göz ýetirýär. Heniz 6-njy synpda okaýan döwründe suwda ýüzmek boýunça ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzümine girmegi başarýar. Häzirki «Olimp» orta sport mekdebinde okaýan mahaly 50, 100 we 200 metr aralyklara ýüzmekde birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagyň hötdesinden gelýär.

Manyly ömrüň 80-nji güýzi

Futbol meýdany onuň gününiň köp bölegini geçirýän ýeri. Bu ýerde ol özüni edil öz öýündäki ýaly rahat duýýar. Halypany, köplenç, şol ýerde — futbol meýdanynda, çagalara kä hüjümdir goragy, käte derwezeçi oglanjyga nirede, nähili durmalydygyny öwredip duran ýagdaýda görmek bolýar. Bir görseňem, ol çagalara nämedir bir zady janygyp düşündirip durandyr. Şonda halypa futbol meýdanyna girip, topy derwezä tarap özi alyp gidäýjek ýaly görünýärdi. Meger, şonuň üçindir, biz ony hemme zatdan beter manyly ömrüni futbola bagyş eden, ýaşy bir çene baryberse-de, işe juwanlyk hyjuwy bilen ýapyşýan kiçigöwünli adam hökmünde tanaýarys. Halypa hünärmene Baýram Gutlyýew diýýärler. Ol indi onlarça ýyllaryň dowamynda ala topuň yşkynda gezip ýörşüne sekiz onlugy arka atdy. Bu günki gün Baýram aganyň «Kolhozçy» toparynyň sag gyraky goragçylygyndan çagalara futbolyň inçe syrlaryny öwredýän tälimçiligine çenli geçilen ömür ýolunda ýatlara zat köp. Ýöne ol elmydama-da özi barada däl-de, tälimçileridir ýoldaşlary barada gürrüň berenini kem görenok. Aşgabatda önüp-ösen Baýram aga çagalar tälimçisi Gennadiý Saruhanowyň elinde tälim alýar. Ol 1959-njy ýylda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysyna çagyrylýar. Şol döwürde bu topar Çimkentde ozalky SSSR-iň ýaşlar ýygyndysynyň arasynda geçirilen birinjilikde bürünç medala mynasyp bolýar.

«Ahal» ýeňişli ýolda

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynda geçen möwsümi öňdäki orunlarda tamamlan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk toparlaryň möwsüme taýýarlygyny görkezmelidi. Bu şeýle-de boldy. «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan «Ahal» toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Toparyň düzüminde milli ýygyndymyzyň agzalary Arslanmyrat Amanowyň, Resul Hojaýewiň, Ata Geldiýewiň, Elman Tagaýewiň... netijeli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Ýaşlar ýygyndymyz Aziýa Kubogynyň final böleginde

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda Daşkent şäherinde 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy. Ahmet Agamyradowyň tälim berýän ýygyndy topary Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eden «F» toparçasynda ikinji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen ýaşlar ýygyndymyz ikinji oýnunda palestinaly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar.

Ýyllara per bermeýän ýyldyz

Möwsümiň başynda Kriştianu Ronaldunyň özüniň ýyldyz oýunçy hökmünde kemala gelen topary «Mançester Ýunaýtede» gaýdyp gelmegi futbol janköýerleriniň hem-de bilermenleriň arasynda uly seslenme döretdi. Olaryň arasynda Ronaldunyň öňküleri ýaly ezber oýun görkezmeýändigini aýdýanlary hem tapyldy. Emma portugaliýaly ýyldyz möwsümiň başyndan bäri 15 duşuşykda 15 gol geçirmegi başardy hem-de öz adyna birnäçe rekordlary ýazdyrdy. 3-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparçadaky duşuşygynda myhmançylykda «Atalantanyň» derwezesine 2 gol geçiren Ronaldu toparyny ýeňlişden halas etdi. Şeýle hem onuň «Ýunaýtediň» düzüminde Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda gol geçirendigini bellemek gerek. Biz hemişe juwan Ronaldunyň geçirýän gollaryny we ajaýyp beden taýýarlygyny görmäge öwrenişip, onuň ýaşynyň eýýäm 37-ä golaýlap barýandygyny ýatdan çykarýarys. Bu ýaşda köp futbolçylar hormatly dynç alşa çykýarlar. Ronaldu bolsa henizem rekordlary täzelemegi dowam edýär. Bizem şu makalada ýaşy portugaliýaly ýyldyzyňkydan-da kiçi bolan we öz döwründe onuň bilen bir toparda oýnap, eýýäm futbol bilen hoşlaşan käbir meşhur futbolçylar barada söhbet etmegi makul bildik. Sami Hedira (34 ýaş) – germaniýaly ýarym goragçy Madridiň «Realynda» (2010 – 2015) we «Ýuwentusda» (2018 – 2020) Ronaldu bilen bilelikde çykyş edipdi. Geçen ýylyň güýzünde «Ýuwentus» Hedira bilen ýoluny aýyrmagy makul bildi

Welaýatlardan habarlar

Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki sport mekdebinde sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, gandbol boýunça hem ýaşlara ýokary derejede tälim berilýär. Men hem zähmet çekýän gandbol boýunça gurnagymyzda 2004 – 2008-nji ýyllarda doglan oglanlardan ybarat toparlary türgenleşdirýärin. Ýaş gandbolçylar türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaşýarlar, barha kämilleşmek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýýarlar. Döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin mekdebimiziň tälimçileriniňem, türgenleriniňem Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir. Gülşirin ÖRÄÝEWA,

Kämillik mekdebi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde 20 tälimçi zähmet çekýär. Bu ýerde 47 topar bolup, 500-den gowrak türgen türgenleşýär. Sport mekdebinde sportuň 8 görnüşi: söweş sambosy, sambo, erkin göreş, grek-rim göreşi, uşu, agyr atletika, pauerlifting, jiu-jitsu boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Sport mekdebimizde Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň türgenleri hem türgenleşýärler. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz — sport ulgamynyň işgärleri geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Taryhda şu gün

Futbol ýoluna 1995-nji ýylda «Breşiýa» toparynda başlan Pirlo Milan şäheriniň «Inter», «Milan», Turiniň «Ýuwentus» toparlarynda hem çykyş etdi.

Ýaş futbolçylarymyz Aziýanyň kubogyna gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň iýun aýynda Özbegistanda geçiriler. Ildeşlerimiz saýlama tapgyryň «F» toparçasynda ýaryşdylar. Bu toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Iordaniýada geçirildi. Toparçada ildeşlerimizden başga-da, ýer eýeleriniň we Palestinanyň ýygyndylary bardy.

Ruhy baýlygyň gymmaty

Pikirlenmek ukyby, akyl ýetirmek başarnygy ynsana tebigatyň eçilen gymmatlygydyr. Pikirleniş esasynda adam daşky gurşawa diňe bir uýgunlaşman, eýsem, ony özüçe üýtgetmegi başarýar. Pikirlenip bilýändigi üçin adam tebigatyň berip bilmeýän zatlaryny hem öndürip bilýär. Aslynda, adam pikirleriniň netijesinde ösüşe gadam basýar. Bu dünýäde adam üçin dogulmakdan soňky iň uly bagt, megerem, durmuşda öz ornuňda özüň bolup, öz pikirleriň we onuň netijesinde döredýän arzuw-maksatlaryň bilen özgeleriň pikirine garaşsyz ýagdaýda ýaşamak bolsa gerek. Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Sagdyn ruhy gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär.

Ibrahimowiçiň 400-nji goly

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Nýu­kas­ly» 3–0 ýeň­di. Oýun­da sag gy­ra­ky go­rag­çy Ris Jeýms 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Yz­ly-yzy­na myh­man­çy­lyk­da 5 gol­ly ýe­ňiş­ler ga­za­nan «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Braý­ton» bi­len 2–2 deň­me-deň oý­na­dy. 2–0 öňe saý­la­nan Klop­puň şä­girt­le­ri myh­man­la­ryň ha­sa­by deň­le­me­gi­ne çä­re ta­pyp bil­me­di­ler (2–2). Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ha­my» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ýu­naý­te­diň» gol­la­ry­ny Ro­nal­do, Ka­wa­ni hem-de Reş­ford ge­çir­di. Bu ýeň­liş­den soň, «Tot­ten­ham» tä­lim­çi­si Nu­no Es­pi­ri­to San­to­ny işin­den bo­şa­dyp, or­nu­na 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len ita­li­ýa­ly An­to­nio Kon­te­ni we­zi­pä bel­le­di. Tap­gy­ryň iň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­si «Man­çes­ter Si­ti»–«Kris­tal Pa­las» du­şu­şy­gyn­da ha­sa­ba al­nyp, ýer eýe­le­ri 2–0 utul­dy. «ÝUWENTUS» ÝENE-DE ÝEŇILDI

9 al­tyn me­da­lyň 7-si­ni rus­si­ýa­ly gyz­lar ga­zan­dy

Ýa­po­ni­ýa­nyň Ki­tak­ýu­şu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len çe­per gim­nas­ti­ka bo­ýun­ça 38-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Çem­pio­na­ta 47 ýurt­dan 180 gim­nas­ti­ka­çy gyz gat­naş­dy. 5 ýe­ke­le­ýin, 4 to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar bo­ýun­ça je­mi 9 al­tyn me­dal gow­şu­ry­lyp, şo­la­ryň di­ňe iki­si­ni rus­si­ýa­ly gim­nas­ti­ka­çy­lar ga­za­nyp bil­me­di. Ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­la­ryň 4-sin­de (köp gör­nüş­li, hal­ka, top, bu­la­wa) al­tyn me­da­ly rus­si­ýa­ly Di­na Awe­ri­na ga­zan­dy. Ol di­ňe len­ta gör­nü­şin­de al­tyn me­da­ly be­la­rus­ly Ali­na Gor­nos­ko al­dyr­dy. Di­na­nyň ekiz ta­ýy Ari­na top we bu­la­wa gör­nüş­le­rin­de kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Köp gör­nüş­li we hal­ka bäs­le­şik­le­rin­de Ali­na Gor­nos­ko mün­be­riň ikin­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ýy­gyn­dy­la­ryň ýa­ry­şyn­da rus­si­ýa­ly gyz­lar ita­li­ýa­ly hem-de be­la­rus­ly gim­nas­ti­ka­çy­lar­dan öňe saý­lan­dy. To­par­la­ýyn bäs­le­şik­ler­de-de umu­my­lyk­da Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy al­tyn, Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy kü­müş, Be­la­ru­syň ýy­gyn­dy­sy bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. To­par­la­ýyn ýa­ry­şyň 5 top gör­nü­şin­de-de mün­be­riň iki bas­gan­ça­gy üýt­ge­me­di. Rus­si­ýa ýe­ňiş ga­za­nyp, Ita­li­ýa 2-nji, ýer eýe­le­ri Ýa­po­ni­ýa 3-nji or­ny eýe­le­di. 3 hal­ka, 4 bu­la­wa gör­nü­şin­de az-ow­lak ýal­ňyş­lyk goý­be­ren rus­lar al­tyn me­da­ly ga­za­nyp bil­me­di. Ýa­ry­şyň

«Liwerpul», «Aýaks», «Bawariýa» hem-de «Ýuwentus» 1/8 finala çykdy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 4-nji du­şu­şyk­lar­da 55 gol ge­çi­ril­di. 4 klub 4-nji oýun­lar­dan 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Olar «Li­wer­pul», «Aýaks», «Ba­wa­ri­ýa» hem-de «Ýu­wen­tus» to­par­la­ry­dyr. 8 du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri, 5 oýun­da-da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. 3 du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. «A» to­par­ça­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Klub Brýug­ge­ni» ýyl­dyz­la­ry – Fo­den, Mah­rez, Ster­ling hem-de Gab­ri­el Že­su­syň gol­la­ry bi­len 4-1 ýeň­di. «Le­ip­sig»–PSŽ du­şu­şy­gyn­da bi­rin­ji ýa­rym­da Weý­nal­du­myň gol­la­ry bi­len 2–1 öňe saý­la­nan pa­riž­li­ler 90+2-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­let­di­ler. «Le­ip­si­ge» şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji utu­gy­ny ga­zan­dy­ran go­ly pe­nal­ti­den So­bos­lai ge­çir­di.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ril­jek ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky (U23) Azi­ýa Ku­bo­gy ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hem gat­na­şar. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da il­deş­le­ri­miz Ior­da­ni­ýa hem-de Pa­les­ti­na­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şuş­dy. Ior­da­ni­ýa­dan 1–0 as­gyn ge­len il­deş­le­ri­miz Pa­les­ti­na­ny Şamämmet Hy­dy­ro­wyň (18, 64) hem-de Welmyrat Bal­la­ko­wyň (88) gol­la­ry bilen 3–1 ut­dy. Ior­da­ni­ýa bi­len Pa­les­ti­na­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Şeý­le­lik­de, iň go­wy ikin­ji ýer­le­riň ara­syn­da Tai­lan­dyň to­pa­ryn­dan soň ikin­ji ýe­ri eýe­län türk­men fut­bol­çy­la­ry fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy­lar. Bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U23) il­kin­ji ge­zek gat­na­şar. Fi­nal tap­gy­ry gel­jek ýy­lyň 1—19-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ri­ler. «AFC U-23 Asian Cup» ady bi­len 5-nji ge­zek ge­çi­ril­jek bäs­le­şi­ge 16 to­par gat­na­şar. Olar 4 tor­ba bö­lü­nip, 4 to­par­ça-da paý­la­nar. 1-nji tor­ba­da ýer eýe­si Öz­be­gis­ta­nyň, soň­ky çem­pi­on Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, şeý­le-de Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň, 2-nji tor­ba­da Ior­da­ni­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, BAE-niň, Eý­ra­nyň, 3-nji tor­ba­da Ka­ta­ryň, Yra­gyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Wýet­na­myň hem-de 4-nji tor­ba­da Ku­weý­tiň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň,

«Ahal» topary täze möwsüme şowly başlady

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 2-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da «Ahal» myh­man­çy­lyk­da soň­ky çem­pi­on «Al­tyn asyr­dan» 3–1 üs­tün çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Aha­lyň» gol­la­ry­ny 33-nji mi­nut­da (pe­nal­ti­den) hem-de 58-nji mi­nut­da El­man Ta­ga­ýew, şeý­le-de 45+3-nji mi­nut­da Me­kan Sa­pa­row öz der­we­ze­sin­den ge­çir­di. «Al­tyn asy­ryň» ýe­ke-täk pök­gü­si­ni-de 55-nji mi­nut­da Se­lim Ata­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. «Merw» bi­len «Kö­pet­da­gyň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da 4 gol ha­sa­ba alyn­sa-da, ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Bi­rin­ji ýa­rym­da myh­man­lar Be­genç Ak­mäm­me­dowyň (10) hem-de Yh­las Sa­par­mäm­me­do­wyň (42) gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­lan­dy. Ikin­ji ýa­rym­da-da ýer eýe­le­ri Pir­my­rat Ga­za­kowyň (49) hem-de Aman­gel­di Sa­pa­ro­wyň (54) gol­la­ry bi­len ha­sa­by deň­le­di­ler. «Ne­bit­çi»–«Şa­ga­dam», «Ener­ge­tik»–«Aş­ga­bat» du­şu­şyk­la­ry gol­suz ta­mam­lan­dy.

Sport — ýaşaýşyň hereketlendiriji güýji

«Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» Magtymguly Pyragy

«Şagadamyň» şowly hüjümleri

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisi» Aşgabatda «Köpetdagyň» garşysyna meýdança çykdy we ýene-de garşydaşynyň derwezesine gol geçirmegiň ugruny tapmady. Ýöne 41-nji minutda oýnuň düzgünini bozan Serdar Annaorazowyň meýdançadan çykarylmagy bilen az bolup galsalar-da, balkanabatlylaryň öz derwezelerini hüşgärlik bilen gorandyklarynam bellemek gerek. 

Sport. Sport. Sport.

Giň mümkinçiliklere eýe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi biziň hemmämize ussat halypalyk göreldesini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça içgin gyzyklanyp, bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Sagdyn ýaşlar — daýanjymyz

«Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň, belentliklere tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdeplerinde tälim alýan oglan-gyzlaryň sanynyň artmagy bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar. Halkyň saglygy ýurduň baýlygyna deňelýär. Güneşli ülkämizde sporty ösdürmek, ýaşlary sporta höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň sagdyn hem berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlar hem özlerine bildirilýän ynamy ödäp, zyýanly endiklerden daşda durýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, saglygyny berkidýärler, sportda we bedenterbiýede taplanyp, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanýarlar.