Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

4 Noýabr 2021
928

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ril­jek ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky (U23) Azi­ýa Ku­bo­gy ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hem gat­na­şar. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da il­deş­le­ri­miz Ior­da­ni­ýa hem-de Pa­les­ti­na­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şuş­dy. Ior­da­ni­ýa­dan 1–0 as­gyn ge­len il­deş­le­ri­miz Pa­les­ti­na­ny Şamämmet Hy­dy­ro­wyň (18, 64) hem-de Welmyrat Bal­la­ko­wyň (88) gol­la­ry bilen 3–1 ut­dy. Ior­da­ni­ýa bi­len Pa­les­ti­na­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Şeý­le­lik­de, iň go­wy ikin­ji ýer­le­riň ara­syn­da Tai­lan­dyň to­pa­ryn­dan soň ikin­ji ýe­ri eýe­län türk­men fut­bol­çy­la­ry fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy­lar. Bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U23) il­kin­ji ge­zek gat­na­şar.

Fi­nal tap­gy­ry gel­jek ýy­lyň 1—19-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ri­ler. «AFC U-23 Asian Cup» ady bi­len 5-nji ge­zek ge­çi­ril­jek bäs­le­şi­ge 16 to­par gat­na­şar. Olar 4 tor­ba bö­lü­nip, 4 to­par­ça-da paý­la­nar. 1-nji tor­ba­da ýer eýe­si Öz­be­gis­ta­nyň, soň­ky çem­pi­on Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, şeý­le-de Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň, 2-nji tor­ba­da Ior­da­ni­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, BAE-niň, Eý­ra­nyň, 3-nji tor­ba­da Ka­ta­ryň, Yra­gyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Wýet­na­myň hem-de 4-nji tor­ba­da Ku­weý­tiň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň ýaş­la­r ýy­gyn­dy­la­ry bar. Fi­nal tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri-de öňü­miz­dä­ki gün­ler­de çe­ki­ler (wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl).