Ýyllara per bermeýän ýyldyz

5 Noýabr 2021
954

Möwsümiň başynda Kriştianu Ronaldunyň özüniň ýyldyz oýunçy hökmünde kemala gelen topary «Mançester Ýunaýtede» gaýdyp gelmegi futbol janköýerleriniň hem-de bilermenleriň arasynda uly seslenme döretdi. Olaryň arasynda Ronaldunyň öňküleri ýaly ezber oýun görkezmeýändigini aýdýanlary hem tapyldy. Emma portugaliýaly ýyldyz möwsümiň başyndan bäri 15 duşuşykda 15 gol geçirmegi başardy hem-de öz adyna birnäçe rekordlary ýazdyrdy. 3-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparçadaky duşuşygynda myhmançylykda «Atalantanyň» derwezesine 2 gol geçiren Ronaldu toparyny ýeňlişden halas etdi. Şeýle hem onuň «Ýunaýtediň» düzüminde Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda gol geçirendigini bellemek gerek. Biz hemişe juwan Ronaldunyň geçirýän gollaryny we ajaýyp beden taýýarlygyny görmäge öwrenişip, onuň ýaşynyň eýýäm 37-ä golaýlap barýandygyny ýatdan çykarýarys. Bu ýaşda köp futbolçylar hormatly dynç alşa çykýarlar. Ronaldu bolsa henizem rekordlary täzelemegi dowam edýär. Bizem şu makalada ýaşy portugaliýaly ýyldyzyňkydan-da kiçi bolan we öz döwründe onuň bilen bir toparda oýnap, eýýäm futbol bilen hoşlaşan käbir meşhur futbolçylar barada söhbet etmegi makul bildik.

Sami Hedira (34 ýaş) – germaniýaly ýarym goragçy Madridiň «Realynda» (2010 – 2015) we «Ýuwentusda» (2018 – 2020) Ronaldu bilen bilelikde çykyş edipdi. Geçen ýylyň güýzünde «Ýuwentus» Hedira bilen ýoluny aýyrmagy makul bildi. Ol bolsa gyşda Germaniýanyň «Gertasyna» geçip, maýda futbol bilen hoşlaşýandygyny mälim etdi. Häzir Sami Hedira Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýörite toparynyň düzümine girip, dünýäniň dürli sebitlerindäki ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam etmek ugrunda zähmet çekýär.

Taýýarlan Begençmämmet RAHMANBERDIÝEW,
mugallym.