Manyly ömrüň 80-nji güýzi

5 Noýabr 2021
940

Futbol meýdany onuň gününiň köp bölegini geçirýän ýeri. Bu ýerde ol özüni edil öz öýündäki ýaly rahat duýýar. Halypany, köplenç, şol ýerde — futbol meýdanynda, çagalara kä hüjümdir goragy, käte derwezeçi oglanjyga nirede, nähili durmalydygyny öwredip duran ýagdaýda görmek bolýar. Bir görseňem, ol çagalara nämedir bir zady janygyp düşündirip durandyr. Şonda halypa futbol meýdanyna girip, topy derwezä tarap özi alyp gidäýjek ýaly görünýärdi. Meger, şonuň üçindir, biz ony hemme zatdan beter manyly ömrüni futbola bagyş eden, ýaşy bir çene baryberse-de, işe juwanlyk hyjuwy bilen ýapyşýan kiçigöwünli adam hökmünde tanaýarys. Halypa hünärmene Baýram Gutlyýew diýýärler. Ol indi onlarça ýyllaryň dowamynda ala topuň yşkynda gezip ýörşüne sekiz onlugy arka atdy. Bu günki gün Baýram aganyň «Kolhozçy» toparynyň sag gyraky goragçylygyndan çagalara futbolyň inçe syrlaryny öwredýän tälimçiligine çenli geçilen ömür ýolunda ýatlara zat köp. Ýöne ol elmydama-da özi barada däl-de, tälimçileridir ýoldaşlary barada gürrüň berenini kem görenok.

Aşgabatda önüp-ösen Baýram aga çagalar tälimçisi Gennadiý Saruhanowyň elinde tälim alýar. Ol 1959-njy ýylda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysyna çagyrylýar. Şol döwürde bu topar Çimkentde ozalky SSSR-iň ýaşlar ýygyndysynyň arasynda geçirilen birinjilikde bürünç medala mynasyp bolýar.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.