Ruhy baýlygyň gymmaty

4 Noýabr 2021
1067

Pikirlenmek ukyby, akyl ýetirmek başarnygy ynsana tebigatyň eçilen gymmatlygydyr. Pikirleniş esasynda adam daşky gurşawa diňe bir uýgunlaşman, eýsem, ony özüçe üýtgetmegi başarýar. Pikirlenip bilýändigi üçin adam tebigatyň berip bilmeýän zatlaryny hem öndürip bilýär. Aslynda, adam pikirleriniň netijesinde ösüşe gadam basýar.

Bu dünýäde adam üçin dogulmakdan soňky iň uly bagt, megerem, durmuşda öz ornuňda özüň bolup, öz pikirleriň we onuň netijesinde döredýän arzuw-maksatlaryň bilen özgeleriň pikirine garaşsyz ýagdaýda ýaşamak bolsa gerek. Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Sagdyn ruhy gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.