Kämillik mekdebi

5 Noýabr 2021
1031

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde 20 tälimçi zähmet çekýär. Bu ýerde 47 topar bolup, 500-den gowrak türgen türgenleşýär. Sport mekdebinde sportuň 8 görnüşi: söweş sambosy, sambo, erkin göreş, grek-rim göreşi, uşu, agyr atletika, pauerlifting, jiu-jitsu boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Sport mekdebimizde Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň türgenleri hem türgenleşýärler.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz — sport ulgamynyň işgärleri geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Gültäç ÇARYÝEWA,
6-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi.