Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 2-nji tapgyryň merkezi oýnunda «Ahal» myhmançylykda soňky çempion «Altyn asyrdan» 3–1 üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Ahalyň» gollaryny 33-nji minutda (penaltiden) hem-de 58-nji minutda Elman Tagaýew, şeýle-de 45+3-nji minutda Mekan Saparow öz derwezesinden geçirdi. «Altyn asyryň» ýeke-täk pökgüsini-de 55-nji minutda Selim Ataýew öz adyna ýazdyrdy.
«Merw» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşykda 4 gol hasaba alynsa-da, ýeňiş gazanan bolmady. Birinji ýarymda myhmanlar Begenç Akmämmedowyň (10) hem-de Yhlas Saparmämmedowyň (42) gollary bilen 2–0 öňe saýlandy. Ikinji ýarymda-da ýer eýeleri Pirmyrat Gazakowyň (49) hem-de Amangeldi Saparowyň (54) gollary bilen hasaby deňlediler. «Nebitçi»–«Şagadam», «Energetik»–«Aşgabat» duşuşyklary golsuz tamamlandy.