Ibrahimowiçiň 400-nji goly

4 Noýabr 2021
892

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Nýu­kas­ly» 3–0 ýeň­di. Oýun­da sag gy­ra­ky go­rag­çy Ris Jeýms 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Yz­ly-yzy­na myh­man­çy­lyk­da 5 gol­ly ýe­ňiş­ler ga­za­nan «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Braý­ton» bi­len 2–2 deň­me-deň oý­na­dy. 2–0 öňe saý­la­nan Klop­puň şä­girt­le­ri myh­man­la­ryň ha­sa­by deň­le­me­gi­ne çä­re ta­pyp bil­me­di­ler (2–2). Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ha­my» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ýu­naý­te­diň» gol­la­ry­ny Ro­nal­do, Ka­wa­ni hem-de Reş­ford ge­çir­di. Bu ýeň­liş­den soň, «Tot­ten­ham» tä­lim­çi­si Nu­no Es­pi­ri­to San­to­ny işin­den bo­şa­dyp, or­nu­na 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len ita­li­ýa­ly An­to­nio Kon­te­ni we­zi­pä bel­le­di. Tap­gy­ryň iň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­si «Man­çes­ter Si­ti»–«Kris­tal Pa­las» du­şu­şy­gyn­da ha­sa­ba al­nyp, ýer eýe­le­ri 2–0 utul­dy.

«ÝUWENTUS» ÝENE-DE ÝEŇILDI