Hormata mynasyp halypa

5 Noýabr 2021
941

Bagtyýar zamanamyzda öz saýlap alan hünärinde yhlas-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän adamlaryň sarpasy belentde tutulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli tutanýerli zähmeti bilen tapawutlanan ildeşlerimiziň uly toparyna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy we hormatly atlaryň dakylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şanly senäniň bellenilen günlerinde «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň baş tälimçi-mugallymy Rawza Nabiullina hem bar.

Rawza Nabiullina heniz çagalyk döwründe sport bilen bagry badaşyp, ony ömürlik hemrasyna öwren ynsanlaryň biri. 1971-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan Rawza orta mekdebe gadam basan ilkinji günlerinden sportuň ilki tans, soňra basketbol görnüşlerinde öz başarnyklaryny synaýar. Emma 9 ýaşynda suwda ýüzmek bilen meşgullanmaga başlaýar we bu görnüşiň hut özüne laýykdygyna göz ýetirýär. Heniz 6-njy synpda okaýan döwründe suwda ýüzmek boýunça ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzümine girmegi başarýar. Häzirki «Olimp» orta sport mekdebinde okaýan mahaly 50, 100 we 200 metr aralyklara ýüzmekde birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagyň hötdesinden gelýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».