Halypalar hem şägirtler

5 Noýabr 2021
1220

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşligindäki sport mekdebi ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. 2015-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen 350 orunlyk sport mekdebinde 6 görnüş: futbol, woleýbol, milli göreş, kýokuşinkaý karate, boks hem-de konkur boýunça türgenleşikler geçirilýär.

Häzirki wagtda mekdepde 19 topar bolup, 8 tälimçi zähmet çekýär. Aşyrgeldi Ataýew, Rejepguly Hojamyradow, Begli Garajaýew ýaly tälimçiler öz tejribelerini ýaşlara öwredýärler.

Döwletgeldi MÄMMEDOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.