Sagdyn ýaşlar — daýanjymyz

1 Noýabr 2021
1001

«Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň, belentliklere tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdeplerinde tälim alýan oglan-gyzlaryň sanynyň artmagy bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar.

Halkyň saglygy ýurduň baýlygyna deňelýär. Güneşli ülkämizde sporty ösdürmek, ýaşlary sporta höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň sagdyn hem berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlar hem özlerine bildirilýän ynamy ödäp, zyýanly endiklerden daşda durýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, saglygyny berkidýärler, sportda we bedenterbiýede taplanyp, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanýarlar.

Şasoltan HYDYROWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.