«Ahal» ýeňişli ýolda

5 Noýabr 2021
894

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynda geçen möwsümi öňdäki orunlarda tamamlan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk toparlaryň möwsüme taýýarlygyny görkezmelidi. Bu şeýle-de boldy.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan «Ahal» toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Toparyň düzüminde milli ýygyndymyzyň agzalary Arslanmyrat Amanowyň, Resul Hojaýewiň, Ata Geldiýewiň, Elman Tagaýewiň... netijeli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Orazgeldi GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».