"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Okuw-türgenleşik sapagy

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň kämil taýýarlygynda sport mekdeplerimiziň işiniň guralyşynyň ähmiýeti hem diýseň uludyr. Çünki ýygyndy toparlarymyzyň agzalary şol mekdeplerde kemala gelýärler, kämilleşýärler. Şeýle mekdepleriň ýygyndylarymyzyň şu günki ykjam taýýarlygyndaky orny bolsa golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan gandbol boýunça okuw-türgenleşiginde aýdyň beýanyny tapdy. Okuw-türgenleşik sapagy Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, paýtagtymyzyň 8-nji sport mekdebi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guraldy. Gandbol boýunça okuw-türgenleşik sapagynda ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň ünsi sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimleri, aýratynlyklary hakyndaky maglumatlara çekildi. Bu ýerdäki okuw-türgenleşik sapagyny ussat hünärmenleriň, tälimçi-mugallymlaryň alyp barmagy ýygyndy toparymyzyň kämillik menzillerini ynamly külterlemegini gazanmakda diýseň ähmiýetlidir. Sportuň bu görnüşi boýunça her bir hereketiň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi ýaşlaryň ykjam taýýarlygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Bu bolsa gandbol boýunça ýygyndy toparymyzyň iri ýaryşlara, sport baýramçylyklaryna taýýarlygynyň nyşanydyr.

Sport we ýaşlar syýasaty

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Akbugdaý etrabynyň 45-nji orta mekdebinde ýaş nesli sporta çekmek hem-de ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem sport mekdeplerinde sportuň täze görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, welaýatyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda okuw-maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimize ýaşlaryň sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bäşim ÇOPANOW,

Nobatdaky tapgyryň duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary ýeňiş gazandylar. «Ahal» paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanan «Ahal» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogynyň çärýek finalynyň duşuşyklary geçirildi. «Aşgabat» topary paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Ahaly» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Ahal» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Barselona» we Hawi: ezeli söýginiň täze sahypasy

Soňky möwsümlerde janköýerlerini ozalkylary ýaly ýokary netijeleri bilen begendirmeýän «Barselonanyň» şu möwsümdäki ýagdaýy hem öwerlik däl. Topar Ispaniýanyň çempionatynda 12 tapgyrdan soň, 17 utuk bilen 9-njy orunda barýar. Şeýle ýagdaýda «Barselonanyň» ýolbaşçylary topary ruhy taýdan galkyndyrmak we ýokary netijeleri gazanmak üçin gollandiýaly baş tälimçi Ronald Kumany wezipesinden boşadyp, rowaýaty oýunçy Hawiniň tälimçi hökmünde gaýdyp gelýändigini yglan etdiler. «Barselona» bilen Hawiniň hekaýasy örän köp ýyllara uzaýar. Geliň, şu ýerde şol taryhyň iň gyzykly pursatlary bilen tanşalyň! Hawýer Ernandes Kreus ýa-da Hawi – Barselonanyň ýakynyndaky Tarrasa şäherinde futbolçylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy futbolçy, atasy Žuame bolsa wagtynda şäheriň ýerli toparynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Žuame futbol bilen meşgullanan agtyklarynyň arasynda Hawä has köp ähmiýet beripdir we hemişe: «Meniň şu agtygym «Barselonada» oýnar» – diýip tekrarlapdyr.

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler milli Liderimiziň ýaş nesiller baradaky aladalaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik ýerlerinde, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni ýola goýmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriniň öňüni almakdaky tagallalar we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasynyň döredilendigi barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Çary KAKABAÝEW,

Ta­ryh­da şu gün

Şol ýylyň başlaryna WBC-niň ýolbaşçylarynyň bu agramyň iň ökde dört boksçysynyň arasynda bäsleşik guramak baradaky teklibini beýleki guramalar dessine goldapdylar. Şonda geçirilen bije çekişligiň netijesinde Holifild Bou bilen, Lennoks Lýuis bolsa Donowan Raddok bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldylar. Oktýabrda Lýuis Raddokdan üstün çykýar, onuň yzysüresi, has takygy 13-nji noýabrda bolsa Holifild bilen Bou ringde duşuşdylar. Bu duşuşygyň öňüsyrasynda hünärmenleriň aglabasy ýeňiş Holifildiň tarapynda bolar diýip çaklapdylar. Ýöne duşuşyga ykjam taýýarlanan Bou 12 raundyň dowamynda özi babatynda eminlere şübhelenere zat goýmaýar. Eminler topary Bouny biragyzdan ýeňiji diýip yglan edýärler. Soňlugynda «Ring» žurnalynyň bu duşuşygy «Ýylyň duşuşygy» diýip yglan edendigini hem bellemek gerek.

Ynsanyň altyn täji

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiz bu babatda işleriň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyna badalga berýär. Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy hem-de Ýer ýüzüne ýaýran ýiti ýokanç keseliniň öňüni almak maksady bilen Diýarymyzda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Biz hem sport mekdebimize türgenleşige gelýän türgenleriň arasynda bu düzgünleriň berjaý edilmegine berk gözegçilik edýäris. Olaryň agyz- -burun örtüklerini dakynmaklaryny, 2 mert aralygy saklamaklaryny, şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen yzygiderli düşündiriş çärelerini geçirýäris.

Ýeňlişsiz diňe «Napoli» bilen «Milan» galdy

Italiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda — «Derby della Madonninada » «Milan » bilen «Inter » duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýun 1–1 deňlikde tamamlandy. 11-nji minutda «Milanyň » ozalky futbolçysy Çalhanoglunyň penalti goly bilen öňe geçen «Interiň » goragçysy De Wreý 17-nji minutda ýalňyşlyk bilen topy öz derwezesinden girizdi. Şeýlelikde, «Milan » taryhynda ilkinji 12 oýunda 32 utuk toplady. Çempionatyň «Milan » ýaly ýene bir ýeňlişsiz topary «Napoli » öz meýdançasynda «Werona » bilen 1–1 deňme- deň oýnady. «Milan » bilen «Napoli » häzirlikçe Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda ýeňlişsiz iki topardyr. «Napoli» «Serie A»-da 21, «Milan» bolsa 17 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Paýtagtyň wekillerinden «Lasio » «Salerntinany » 3–0 ýeňen bolsa, «Roma » myhmançylykda «Wenesiýadan » 3–2 asgyn geldi. «WEST HA M» «LI WERPULUŇ » RE KORDYNA BÖWET BOLDY Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda — «Mançester » derbisinde «Siti » myhmançylykda «Ýunaýtedi » Baýiniň (ö.d.) hem-de Bernardo Silwanyň gollary bilen 2–0 ýeňdi. Sanawyň lideri «Çelsi » öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda «Býornli » bilen 1–1 deňme- deň oýnady. Möwsümiň şowly çykyş edýän klublaryndan «West Ham» öz meýdançasynda «Liwerpuly » kabul edip, garşydaşynyň rekordyny täzelemegine ygtyýar bermedi. 25 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Liwerpul » topary «West Hamdan» 3–2 asgyn gelip, 39 ýyllyk öz

90+6-njy minutda ýeňşi elden giderdiler

Ispaniýanyň çempionatynda öňdebaryjy 2 topar 90+6- njy minutda hasaby deňledip, agza- burna gelen 3 utugy elden giderdiler. Olaryň birinjisi «Barselona » bolup, myhmançylykda «Selta » bilen duşuşan katalonlar Fati, Buskets we Depaýyň gollary esasynda 3-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, ýeňiş gazanmak olara başartmady. 2-nji ýarymda hasaby deňlän «Selta » toparynyň ýyldyzy Aspas 52-nji we 90+6-njy minutlarda tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Edil şonuň ýaly, «Atletiko Madrid » hem myhmançylykda «Walensiýa » bilen duşuşyp, 3-1 öňe saýlandy. Ýöne olaryň oýny has dramatik ýagdaýda tamamlanyp, 85-nji minutda oýna giren «walensiýaly» Hugo Duro 90+2-nji we 90+6-njy minutlarda tapawutlanyp, hasaby deňlemegi başardy. Şeýle-de «Andalusiýa » derbisinde «Sewilýa » myhmançylykda «Betisi » 2–0, «Real Madrid » öz meýdançasynda «Raýo Wallekanony » 2–1, sanawyň lideri «Real Sosiedad » bolsa myhmançylykda «Osasunany » 2–0 ýeňdi.

Dünýäniň iň baý klubunyň tälimçiligine bellendi

Golaýda arap işewürleri tarapyndan satyn alnan we häzirki wagtda dünýäniň iň baý kluby hasaplanýan Angliýanyň «Nýukasl » toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Stiw Brýusy wezipesinden boşadan topar angliýaly hünärmen Eddi Howy tälimçilige belledi. 43 ýaşyndaky tälimçi «Nýukasl » bilen 2,5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Eddi How «Bornmut » toparyna 8 ýyl tälim bereninden soň 2020- nji ýylyň awgustynda wezipesini taşlapdy. Eddi How özüniň täze wezipesi bilen baglanyşykly «Öňümizde etmeli köp iş bar» diýip, beýanat berdi. «Nýukasl » topary 11 tapgyrdan soň bir gezek hem ýeňiş gazanyp bilmän, 5 utuk bilen 19-njy orunda barýar. Şeýle- de Angliýada «Aston Willa » topary iňlis tälimçisi Din Smiti, «Norwiç » topary germaniýaly tälimçisi Daniel Farkeni wezipesinden boşatdy. Smit «Aston Willa » 2018-nji ýyldan, Farke bolsa «Norwiçe » 2017- nji ýyldan bäri tälim berýärdi. Din Smitiň ornuna Stiwen Jerardyň tälimçilige bellenmegine garaşylýar.

Hawi «Barselonanyň » täze tälimçisi boldy Ýeňlişsiz diňe «Napoli» bilen «Milan» galdy

Mundan iki hepde ozal Ronald Kumany wezipesinden boşadan «Barselona » toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Katalonlar toparyň täze tälimçisi wezipesine klubuň ozalky oýunçylaryndan Hawi Hernandesi belledi. 41 ýaşyndaky tälimçi «Barselona » bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Barselona » topary Hawiniň öweztölegi üçin Kataryň «Al Sadd» klubuna- da 5 million ýewro berer. Hawi özüniň topara dolananyna örän şatdygyny belläp, iň ýokary derejedäki jogapkärçilik we isleg bilen işlejekdigini aýtdy. 2015-nji ýylyň maýynda «Barselonadan » Kataryň «Al Sadd» toparyna geçen Hawi 2019-njy ýylyň aprelinde- de şol toparyň tälimçiligine bellenipdi. Hawi «Al Sadd» toparynda 1,5 ýyllyk tälimçilik döwründe 7 kubok gazandy.

Şewçenko «Serie A» dolandy

Ukrainaly ozalky meşhur futbolçy, häzirki tälimçi Andreý Şewçenko ençeme ýyldan soň ýene- de «Serie A» dolandy. Tomusda Ukrainanyň ýygyndysynyň tälimçisi wezipesini taşlan Şewçenko «Serie A»-nyň iň gadymy kluby hasaplanýan «Jenoanyň » tälimçisi boldy. Soňky tapgyrda «Empoli » bilen 2-2 deňme- deň oýnan «Jenoanyň » tälimçisi Dawide Ballardini wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Şewçenko tälimçilige bellendi. 45 ýaşyndaky Şewçenko «Jenoa » bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şewçenko täze klubunda Ukrainanyň ýygyndysynda- da bile işleşen kömekçileri Andrea Maldara hem-de Mauro Tassotti dagy ýardam bererler. Genueliler täze tälimçisine ýyllyk 1,8 million ýewro hak tölär. «Jenoa » topary 12 oýunda 9 utuk bilen 17-nji orunda barýar. Futbol karýerasyny «Dinamo Kiýew », «Milan », «Çelsi » ýaly klublarda geçiren Şewçenko tälimçilige 2016-njy ýylda başlap, ol 5 ýyl Ukrainanyň ýygyndysyna tälim berdi. Ukraina onuň tälimçiliginde 2-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşyp, ilkinji sapar çärýek finala çykypdy. Şewçenkonyň «Jenoanyň » tälimçiligindäki ilkinji duşuşygy 22-nji noýabrda öz meýdançasynda «Roma » bilen bolar.

NASKAR -da täze çempion

Dünýäniň abraýly awtoulag bäsleşikleriniň biri hasaplanýan NASKAR ýaryşynyň 73-nji möwsümi tamamlandy. Möwsümiň 36-njy bäsleşigi Arizonada geçirilip, onda «Hendrick Motorsports » toparynyň sürüjisi Kaýl Larson ýeňiş gazandy. Ol «Chevrolet » kysymly ulagy bilen şu möwsümde 10 bäsleşikde birinji ýeri eýeläp, 5040 utuk toplady. 29 ýaşyndaky sürüji ilkinji gezek NASKAR ýaryşynyň çempiony bolmagy başardy. «Toyota » kysymly ulagy bilen ýaryşa gatnaşan sürüjiler — 2017-nji ýylyň çempiony Martin Trueks Junior 2-nji, Denni Hamlin 3-nji ýeri eýeledi.

«Masters» ýaryşlarynyň ussady

Möwsümiň iň soňky, ýagny 9-njy «Masters » ýaryşy Pariž «Masters » bäsleşiginde serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol finalda geçen ýylyň çempiony russiýaly Daniil Medwedew bilen duşuşyp, 1-nji setde 6:4 asgyn geldi. 2–3-nji setlerde 6:3 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Nowak Jokowiç Pariždäki bu bäsleşikde 6-njy gezek kubogy eýeledi. 34 ýaşyndaky tennisçi Pariž «Masters » ýaryşynda mundan ozal 2009- njy, 2013–14–15-nji hem-de 2019-njy ýyllarda çempion bolupdy. Bu onuň 37-nji «Masters » ýaryşy çempionlygy bolup, ol Rafael Nadal bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Bu çempionlyk Jokowiçiň karýerasyndaky 86-njy kubogy hökmünde hasaba alyndy.

50-nji Nýu Ýork marafony

 Alty uly marafon ýaryşynyň soňkusy bolan Nýu Ýork marafon ylgawynda keniýaly türgenler ýeňiş gazandy. 50-nji gezek geçirilen marafonda erkekleriň arasynda Albert Korir birinji orny eýeläp, ol 2 sagat 08 minut 22 sekuntda pellehana geldi. Marokkoly Muhammed El-Arabi 2-nji, italiýaly Eýob Faniel 3-nji ýeri eýeledi. Zenanlaryň arasynda Tokio Olimpiadasynyň ýeňijisi Peres Jepçirçir ýeňiş gazandy. Keniýaly ylgaýjy 2 sagat 22 minut 39 sekuntlyk görkeziji bilen münberiň çür depesine çykdy. Ol bu ugurda watandaşy Wiola Çeeptodan hem-de efiopiýaly Ababel Ýeshanehden öňe saýlandy. 30 müň ylgaýjynyň gatnaşan ýaryşynda öňdäki 3 orny eýelänler degişlilikde 100, 60 hem-de 40 müň dollar pul baýragy bilen sylaglandy.

AFK Kubogyny «Al-Muharrak » eýeledi

Aziýanyň ikinji derejeli ýaryşy hasaplanýan AFK Kubogyna Bahreýniň «Al-Muharrak » topary mynasyp boldy. Bahreýniň Arad şäherindäki «Al-Muharrak » stadionynda oýnalan finalda «Al-Muharrak » topary Özbegistanyň «Nasaf » klubundan 3–0 üstün çykdy. Eýýäm 2-nji minutda Al-Mardiniň goly bilen öňe saýlanan ýer eýeleri soňky 15 minutda- da 2 gol geçirdi. 74-nji minutda Husain Jamil, 80-nji minutda Flawio Karioko tapawutlandy. Şeýlelikde, 3–0 hasabynda ýeňşini baýram eden «Al-Muharrak » taryhynda 2-nji gezek AFK Kubogyny asmana göterdi. «Al-Muharrak » 2008-nji ýylda- da çempionlyk gazanypdy. Topar şonda finalda Liwanyň «Safa » toparyny ýeňlişe sezewar edipdi. Ýaryşyň iň netijeli futbolçysy «Nasafyň » hüjümçisi Husaýin Norçaýew 7 gol bilen birinji ýeri eýeledi. «Ahal» toparynyň futbolçysy Elman Tagaýew 5 gol bilen 2-nji orna mynasyp boldy.

Werstappen arany açýar

 Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Meksikada geçirildi. Ýurduň paýtagty Mehiko Sitidäki Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän trassada geçirilen ýaryşda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi, sanawyň lideri Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol eýýäm ilkinji öwrümde öňe saýlanyp, soňuna çenli- de ornuny saklamagy başardy. Werstappen 71 aýlawy 1 sagat 38 minut 39,086 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 9-njy, karýerasyndaky 19-njy ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda 2-nji orny britaniýaly Lýuwis Hamilton («Mercedes») eýeläp, ol ýeňijiden 16,555 sekunt soň pellehana geldi. Ýeňijiniň topardaşy meksikaly sürüji Serhio Perez hem öz watandaşlarynyň öňünde ýeňiş münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Fransiýaly Pier Gasliniň («Alpha Tauri ») 4-nji bolan bäsleşiginde «Ferrariniň » pilotlary – Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior 5–6-njy ýerleri eýelediler. Ilkinji hatardan bat alan finlýandiýaly Waltteri Bottas («Mercedes») bäsleşigi 15-nji orunda tamamlap, bir aýlawy iň tiz geçen sürüjä berilýän 1 utuk bilen kanagatlanmaly boldy. Meksika «Gran Prisinden » soň utugyny 312,5-e ýetiren Werstappen aratapawudy 19-a çykardy. Hamiltonyň 293,5, şeýle- de Bottasyň 185 utugy bar. Möwsümiň 19-njy ýaryşy 14-nji noýabrda Braziliýanyň Sao-Paulo şäherinde geçiriler.

Myhmançylykdaky toparlar ýarym finala çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy. Bir oýundan ybarat bolan çärýek final duşuşyklarynda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolandylar. Her toparyň 2 gol geçiren oýnunda «Altyn asyr» myhmançylykda «Nebitçiden » penalti urgularynyň netijesinde üstün çykmagy başardy. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Süleýman Derýaýew (26) bilen Azat Garajaýew (90+5 p), aragatnaşykçylaryň gollaryny Begmyrat Baýew (12) bilen Myrat Annaýew (68 p) geçirdi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda «Altyn asyr» 4–3 öňe saýlandy. «Energetik » bilen «Köpetdagyň » arasyndaky oýnuň esasy wagty 1–1 deňlikde gutaryp (Muhammet Işangulyýew 86 — Yhlas Saparmämmedow 71), penaltilerde «Köpetdag » 4–3 ýeňiş gazandy. Beýleki oýunlarda- da «Ahal» myhmançylykda «Aşgabat » toparyny 2–1, «Şagadam » «Merwi» 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Ahal» toparynyň 2 goluny- da 29- njy (p) we 50-nji minutlarda Arslanmyrat Amanow derwezä girizdi. Marydaky duşuşykda «Şagadam » Baýramgeldi Nurlyýewiň, Kerim Hojaberdiýewiň hem-de Resul Mahmudowyň gollary bilen 3–0 öňe saýlandy. 79-njy minutda Serdaraly Ataýewiň ýeke- täk goly «Merwe » ýeterlik bolmady. Ýarym finalda «Altyn asyr» «Ahaly », «Şagadam » hem «Köpetdagy » kabul eder. Bir oýundan ybarat boljak ýarym final duşuşyklary 7-nji dekabrda geçiriler.

«Ahalyň » ynamly ýeňşi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 4-nji tapgyryň oýunlary geçirildi. Sanawyň öňdebaryjysy «Ahal» öz meýdançasynda «Şagadamdan » uly hasap bilen üstün çykdy. 4–0 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» toparynyň adyndan 12-nji we 82-nji minutlarda penaltiden Elman Tagaýew, şeýle- de 38-nji minutda Didar Durdyýew bilen 87- nji minutda Amir Gurbani tapawutlandy. Soňky çempion «Altyn asyr» öz meýdançasynda «Köpetdag » bilen duşuşyp, Altymyrat Annadurdyýewiň gollary esasynda 2–1 ýeňiş gazandy. Ol 20-nji minutda hem-de penaltiden 36-njy minutda tapawutlandy. «Köpetdag » toparynyň ýeke- täk goluny- da 27-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow geçirdi. «Nebitçi » bilen «Aşgabat » toparlarynyň arasyndaky oýunda ýeňijini bir gol kesgitledi. Ony-da 73-nji minutda Guwanç Abylow derwezä girizip, balkanabatlylara 3 utuk gazandyran oýunçy boldy. Soňky minu tlarda gelen 3 utuk Mary welaýat derbisi tapgyryň iň köp golly we çekeleşikli duşuşygy boldy. «Energetik » öz meýdançasynda «Merw» bilen duşuşyp, Perman Hallyýewiň hem-de Tirkiş Muhammetberdiýewiň gollary esasynda 2–0 öňe saýlandy. Ýöne ýerli derbide «Merw» toparynyň oýunçylary ruhdan düşmän, soňky 20 minutda ýeňiş gazanmagy başardy. 70-nji minutda Amangeldi Saparowyň goly bilen aratapawut bire düşdi. Oýnuň 90-njy minutynda Döwletgeldi Mirsultanow hasaby deňlese, 90+6-njy minutda Döwletmyrat Döwletmyradow ýeňiş goluny geçirdi. Bu ta