Myhmançylykdaky toparlar ýarym finala çykdy

12 Noýabr 2021
1033

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy. Bir oýundan ybarat bolan çärýek final duşuşyklarynda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolandylar. Her toparyň 2 gol geçiren oýnunda «Altyn asyr» myhmançylykda «Nebitçiden » penalti urgularynyň netijesinde üstün çykmagy başardy. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Süleýman Derýaýew (26) bilen Azat Garajaýew (90+5 p), aragatnaşykçylaryň gollaryny Begmyrat Baýew (12) bilen Myrat Annaýew (68 p) geçirdi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda «Altyn asyr» 4–3 öňe saýlandy. «Energetik » bilen «Köpetdagyň » arasyndaky oýnuň esasy wagty 1–1 deňlikde gutaryp (Muhammet Işangulyýew 86 — Yhlas Saparmämmedow 71), penaltilerde «Köpetdag » 4–3 ýeňiş gazandy. Beýleki oýunlarda- da «Ahal» myhmançylykda «Aşgabat » toparyny 2–1, «Şagadam » «Merwi» 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Ahal» toparynyň 2 goluny- da 29- njy (p) we 50-nji minutlarda Arslanmyrat Amanow derwezä girizdi. Marydaky duşuşykda «Şagadam » Baýramgeldi Nurlyýewiň, Kerim Hojaberdiýewiň hem-de Resul Mahmudowyň gollary bilen 3–0 öňe saýlandy. 79-njy minutda Serdaraly Ataýewiň ýeke- täk goly «Merwe » ýeterlik bolmady. Ýarym finalda «Altyn asyr» «Ahaly », «Şagadam » hem «Köpetdagy » kabul eder. Bir oýundan ybarat boljak ýarym final duşuşyklary 7-nji dekabrda geçiriler.