Werstappen arany açýar

12 Noýabr 2021
1005

 Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Meksikada geçirildi. Ýurduň paýtagty Mehiko Sitidäki Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän trassada geçirilen ýaryşda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi, sanawyň lideri Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol eýýäm ilkinji öwrümde öňe saýlanyp, soňuna çenli- de ornuny saklamagy başardy. Werstappen 71 aýlawy 1 sagat 38 minut 39,086 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 9-njy, karýerasyndaky 19-njy ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda 2-nji orny britaniýaly Lýuwis Hamilton («Mercedes») eýeläp, ol ýeňijiden 16,555 sekunt soň pellehana geldi. Ýeňijiniň topardaşy meksikaly sürüji Serhio Perez hem öz watandaşlarynyň öňünde ýeňiş münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Fransiýaly Pier Gasliniň («Alpha Tauri ») 4-nji bolan bäsleşiginde «Ferrariniň » pilotlary – Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior 5–6-njy ýerleri eýelediler. Ilkinji hatardan bat alan finlýandiýaly Waltteri Bottas («Mercedes») bäsleşigi 15-nji orunda tamamlap, bir aýlawy iň tiz geçen sürüjä berilýän 1 utuk bilen kanagatlanmaly boldy. Meksika «Gran Prisinden » soň utugyny 312,5-e ýetiren Werstappen aratapawudy 19-a çykardy. Hamiltonyň 293,5, şeýle- de Bottasyň 185 utugy bar. Möwsümiň 19-njy ýaryşy 14-nji noýabrda Braziliýanyň Sao-Paulo şäherinde geçiriler.