Dünýäniň iň baý klubunyň tälimçiligine bellendi

12 Noýabr 2021
1009

Golaýda arap işewürleri tarapyndan satyn alnan we häzirki wagtda dünýäniň iň baý kluby hasaplanýan Angliýanyň «Nýukasl » toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Stiw Brýusy wezipesinden boşadan topar angliýaly hünärmen Eddi Howy tälimçilige belledi. 43 ýaşyndaky tälimçi «Nýukasl » bilen 2,5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Eddi How «Bornmut » toparyna 8 ýyl tälim bereninden soň 2020- nji ýylyň awgustynda wezipesini taşlapdy. Eddi How özüniň täze wezipesi bilen baglanyşykly «Öňümizde etmeli köp iş bar» diýip, beýanat berdi. «Nýukasl » topary 11 tapgyrdan soň bir gezek hem ýeňiş gazanyp bilmän, 5 utuk bilen 19-njy orunda barýar. Şeýle- de Angliýada «Aston Willa » topary iňlis tälimçisi Din Smiti, «Norwiç » topary germaniýaly tälimçisi Daniel Farkeni wezipesinden boşatdy. Smit «Aston Willa » 2018-nji ýyldan, Farke bolsa «Norwiçe » 2017- nji ýyldan bäri tälim berýärdi. Din Smitiň ornuna Stiwen Jerardyň tälimçilige bellenmegine garaşylýar.