90+6-njy minutda ýeňşi elden giderdiler

12 Noýabr 2021
1083

Ispaniýanyň çempionatynda öňdebaryjy 2 topar 90+6- njy minutda hasaby deňledip, agza- burna gelen 3 utugy elden giderdiler. Olaryň birinjisi «Barselona » bolup, myhmançylykda «Selta » bilen duşuşan katalonlar Fati, Buskets we Depaýyň gollary esasynda 3-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, ýeňiş gazanmak olara başartmady. 2-nji ýarymda hasaby deňlän «Selta » toparynyň ýyldyzy Aspas 52-nji we 90+6-njy minutlarda tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Edil şonuň ýaly, «Atletiko Madrid » hem myhmançylykda «Walensiýa » bilen duşuşyp, 3-1 öňe saýlandy. Ýöne olaryň oýny has dramatik ýagdaýda tamamlanyp, 85-nji minutda oýna giren «walensiýaly» Hugo Duro 90+2-nji we 90+6-njy minutlarda tapawutlanyp, hasaby deňlemegi başardy. Şeýle-de «Andalusiýa » derbisinde «Sewilýa » myhmançylykda «Betisi » 2–0, «Real Madrid » öz meýdançasynda «Raýo Wallekanony » 2–1, sanawyň lideri «Real Sosiedad » bolsa myhmançylykda «Osasunany » 2–0 ýeňdi.