Ýeňlişsiz diňe «Napoli» bilen «Milan» galdy

12 Noýabr 2021
974

Italiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda — «Derby della Madonninada » «Milan » bilen «Inter » duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýun 1–1 deňlikde tamamlandy. 11-nji minutda «Milanyň » ozalky futbolçysy Çalhanoglunyň penalti goly bilen öňe geçen «Interiň » goragçysy De Wreý 17-nji minutda ýalňyşlyk bilen topy öz derwezesinden girizdi. Şeýlelikde, «Milan » taryhynda ilkinji 12 oýunda 32 utuk toplady. Çempionatyň «Milan » ýaly ýene bir ýeňlişsiz topary «Napoli » öz meýdançasynda «Werona » bilen 1–1 deňme- deň oýnady. «Milan » bilen «Napoli » häzirlikçe Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda ýeňlişsiz iki topardyr. «Napoli» «Serie A»-da 21, «Milan» bolsa 17 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Paýtagtyň wekillerinden «Lasio » «Salerntinany » 3–0 ýeňen bolsa, «Roma » myhmançylykda «Wenesiýadan » 3–2 asgyn geldi. «WEST HA M» «LI WERPULUŇ » RE KORDYNA BÖWET BOLDY Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda — «Mançester » derbisinde «Siti » myhmançylykda «Ýunaýtedi » Baýiniň (ö.d.) hem-de Bernardo Silwanyň gollary bilen 2–0 ýeňdi. Sanawyň lideri «Çelsi » öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda «Býornli » bilen 1–1 deňme- deň oýnady. Möwsümiň şowly çykyş edýän klublaryndan «West Ham» öz meýdançasynda «Liwerpuly » kabul edip, garşydaşynyň rekordyny täzelemegine ygtyýar bermedi. 25 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Liwerpul » topary «West Hamdan» 3–2 asgyn gelip, 39 ýyllyk öz rekordyny täzeläp bilmedi hem-de şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ilkinji 3 tapgyrda utulan «Arsenal » öz meýdançasynda «Watfordy » 1–0 ýeňip, ýeňlişsiz ýörişini 8 duşuşyga çykardy. Germaniýanyň çempionatynyň ýeke- täk ýeňlişsiz topary «Fraýburg » myhmançylykda «Bawariýa » bilen duşuşyp, bu derejesini ýitirdi. Duşuşykda «Bawariýa » Goreska we Lewandowskiniň gollary bilen 2–1 ýeňiş gazandy. Şol hasap bilen Dortmundyň «Borussiýasy » hem myhmançylykda «Leipsigden » asgyn geldi. Fransiýanyň çempionatynda «Bordo » bilen PSŽ duşuşdy. Parižliler Neýmar (2) hem-de Mbappeniň gollary esasynda 3–0 öňe saýlansa- da, oýnuň soňky pursatlarynda ýer eýeleri 2 gol geçirip, myhmanlara kynçylyk döretdi. Netijede, PSŽ 3 utuk gazanan topar boldy. Öz meýdançasynda «Klermony » 3–2 ýeňen «Sent-Etien» şu möwsümde ilkinji ýeňşini gazandy. Russiýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Zenit » iki uly hasaply ýeňişden soň, myhmançylykda «Ural» bilen golsuz deňme- deň oýnady.