«Masters» ýaryşlarynyň ussady

12 Noýabr 2021
900

Möwsümiň iň soňky, ýagny 9-njy «Masters » ýaryşy Pariž «Masters » bäsleşiginde serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol finalda geçen ýylyň çempiony russiýaly Daniil Medwedew bilen duşuşyp, 1-nji setde 6:4 asgyn geldi. 2–3-nji setlerde 6:3 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Nowak Jokowiç Pariždäki bu bäsleşikde 6-njy gezek kubogy eýeledi. 34 ýaşyndaky tennisçi Pariž «Masters » ýaryşynda mundan ozal 2009- njy, 2013–14–15-nji hem-de 2019-njy ýyllarda çempion bolupdy. Bu onuň 37-nji «Masters » ýaryşy çempionlygy bolup, ol Rafael Nadal bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Bu çempionlyk Jokowiçiň karýerasyndaky 86-njy kubogy hökmünde hasaba alyndy.