Şewçenko «Serie A» dolandy

12 Noýabr 2021
917

Ukrainaly ozalky meşhur futbolçy, häzirki tälimçi Andreý Şewçenko ençeme ýyldan soň ýene- de «Serie A» dolandy. Tomusda Ukrainanyň ýygyndysynyň tälimçisi wezipesini taşlan Şewçenko «Serie A»-nyň iň gadymy kluby hasaplanýan «Jenoanyň » tälimçisi boldy. Soňky tapgyrda «Empoli » bilen 2-2 deňme- deň oýnan «Jenoanyň » tälimçisi Dawide Ballardini wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Şewçenko tälimçilige bellendi. 45 ýaşyndaky Şewçenko «Jenoa » bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şewçenko täze klubunda Ukrainanyň ýygyndysynda- da bile işleşen kömekçileri Andrea Maldara hem-de Mauro Tassotti dagy ýardam bererler. Genueliler täze tälimçisine ýyllyk 1,8 million ýewro hak tölär. «Jenoa » topary 12 oýunda 9 utuk bilen 17-nji orunda barýar. Futbol karýerasyny «Dinamo Kiýew », «Milan », «Çelsi » ýaly klublarda geçiren Şewçenko tälimçilige 2016-njy ýylda başlap, ol 5 ýyl Ukrainanyň ýygyndysyna tälim berdi. Ukraina onuň tälimçiliginde 2-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşyp, ilkinji sapar çärýek finala çykypdy. Şewçenkonyň «Jenoanyň » tälimçiligindäki ilkinji duşuşygy 22-nji noýabrda öz meýdançasynda «Roma » bilen bolar.